Huawei Windows ygtyýarnamasynyň möhletiniň gutarmagy sebäpli HarmonyOS-ly noutbuklary taýýarlaýar

19.03.2025, 14:102,586

Ýyllarboýy Windows-da işlän Huawei MateBook noutbuklary tiz wagtdan operasion ulgamyny üýtgedip biler. Microsoft-yň ygtyýarnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda tamamlanýar we çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Huawei başga ýollary gözleýär. Şolaryň biri-de kompaniýanyň öz HarmonyOS platformasy hasaplanýar.

“Çäklendirmeleler sebäpli Windows kompýuterleriniň üpjünçiligi bes edilip bilner we bu iň soňky toplum bolup biler. Geljekde biziň kompýuterlerimiz diňe HarmonyOS-y ulanar” – diýip, ozal Huawei-niň sarp ediş ugrunyň başlygy Riçard Ýu aýdypdy.

Ýatlap geçsek, ABŞ-nyň sanksiýalary kompaniýanyň Microsoft-yň ösen tehnologiýalaryna elýeterliligini çäklendirýär.
Ýakynda kompaniýa MateBook D 16 Linux Edition-y hödürledi. Gurluş köp babatda öňki wersiýa meňzeş, ýöne Windows-yň däl-de, Linux-yň dolandyrmagynda işleýär. Bu HarmonyOS ulgamy noutbuklar üçin adaptirlenýänçä, wagtlaýyn çözgüt bolup biler. Ýöne öz operasion ulgamynyň ulanylmagy-da Ýewropada kompaniýanyň satuwyna zyýan ýetirip biler, çünki bu ýerde ulanyjylar Windows OS-y ulanmaga öwrenişdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.