Britaniýaly mekdep okuwçysy 1300 sahypalyk animasiýaly kitapça taýýarlap, rekord goýdy

14.04.2025, 15:548,224
1 / 3

Beýik Britaniýadan 17 ýaşly Maks Bajen 1300 sahypalyk animasiýaly kitapça (kineograf) taýýarlap, Ginnesiň Rekordlar Kitabyna girdi. Ol kitapçanyň ähli sahypalaryna suratlary öz eli bilen çekipdir.

Maks bu kitapçanyň üstünde üç hepdeläp işländigini aýtdy. Ol suratlary mekdepde, ýolda we boş wagtlary çekipdir. Onuň aýtmagyna görä, esasy kynçylyk pikir gutaranda ýüze çykypdyr, ýöne ol taslamasyny taşlamandyr.

«Maňa sabyr we degişme kömek etdi» — diýip, Maks aýtdy.

Mundan ozal 2022-nji ýylda hem ýapon mangalaryny öz içine alýan gyzykly bir kitap çykarylypdy. Ol kitapda 21 müň 450 sany sahypa bardy, ýöne ony okap bolmaýardy. «The Guardian» neşiriniň JBE Books neşirýatyndaky bir wekile salgylanyp ýazmagyna görä, «aslynda One Piece – okap bolmaýan, kitap görnüşli heýkel – sahypasynyň sany we koreşogynyň ini boýunça häzirki wagta çenli iň ulusydyr».

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.