FIFA 2031-nji ýyldan zenanlaryň dünýä çempionatynda toparlaryň sanyny 48-e ýetirer

10.05.2025, 22:276,384

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) Geňeşi zenanlaryň dünýä çempionatyna gatnaşyjy milli toparlaryň sanyny 48-e ýetirmek baradaky çözgüdi tassyklady. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.

Täze düzgün 2031-nji ýyldaky ýaryşdan hereket edip başlar.
Birinji tapgyrda toparlaryň sany sekizden 12-ä çenli artdyrylar. Oýunlaryň umumy sany bolsa 64-den 104-e çenli artar. Şol sebäpli çempionat häzirki 32 gatnaşyjy bilen geçýän formatdan bir hepde uzak dowam eder.
Zenanlaryň arasynda indiki dünýä çempionaty Braziliýada geçiriler. Ol köne düzgün boýunça – 32 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda geçer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.