British Photography Awards bäsleşiginde “Haýwanlar” kategoriýasy boýunça iň gowy suratlar yglan edildi

20.05.2025, 14:157,376
1 / 9

British Photography Awards bäsleşiginiň guramaçylary geçen ýyl boýunça “Haýwanlar” kategoriýasynyň ýeňijilerini yglan etdiler.

Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinde düşürilen suratlary saýlap aldylar, olarda ýabany tebigatyň durmuşynda seýrek gabat gelýän we manyly pursatlar surata alnypdyr.

Kepderileri we käkilikleri awlap ýören şagally surat baş ýeňiji boldy. © Edwin Godinýo

Gizlin kameranyň ýanynda oýnap ýören  surikatlaryň suraty tomaşaçylaryň halany baýragyny aldy. © Wiktor Soares

Bäsleşigiň ýokary bahasyna mynasyp bolanlar:

pumalar Patagoniýada © Wirjiniýa Waýld

Spisbergeniň demirgazygyndaky galyň buzda çagasy bilen ýören ak aýy © Somdatt Prasad

Bir aýlyk çaga kerk we onuň enesi © Juls Oldroýd

Oýnap ýören aýy çagalary © Ben Penson

Beýik Britaniýada suratçynyň howlusyndaky ýabany tilki © Stiwen Rojer

tüýdük çalýan ýaly towşan © Jeýms Arnold

Suratlara düşüriliş tehnikasyna hem-de haýwanlaryň häsiýetini we özüni alyp barşyny berip bilmek ukybyna görä baha berildi.
Bäsleşik her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe surat işlerini özüne çekýär we tebigaty goramaga degişli fotosuratlary wagyz etmek üçin platforma bolup hyzmat edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.