Blue Origin 2025-nji ýylda Blue Moon Mark 1 Aý modulynyň nusgasyny uçurar

28.05.2025, 06:211,368

2025-nji ýylda Blue Origin kompaniýasy Blue Moon Mark 1 gonuş modulynyň nusgasyny Aýa ibermegi meýilleşdirýär diýip, kompaniýanyň wise-prezidenti Jon Kuluris mälim etdi. Onuň sözlerine görä, apparat Ýeriň hemrasynyň günorta polýusyna tarap ugur alar.

Blue Origin NASA-nyň “Artemis” maksatnamasyna gatnaşmagyň çäklerinde Mark 1 we Mark 2 atly iki sany Aý modulynyň üstünde işleýär.
Birinji enjamy - Mark 1-i gurnamak işleri tamamlandy. Ýene bir ýarym aýdan ony ýerüsti synaglaryň başlanjak ýeri bolan Tehas ştatynyň Hýuston şäherindäki Jonson adyndaky Kosmos merkezine elterler. Soňra moduly New Glenn raketa göterijisinde uçurmak üçin taýynlarlar.
Uçuşyň esasy maksady - tehnologiýalary barlap görmek we Aýyň üstüne takyk gonup bilmegi amala aşyrmagyň üstünde işlemek.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.