Samsung Unpacked tanyşdyrylyşyny senesini resmi taýdan tassyklady: 9-njy iýulda nämeler garaşýar

26.06.2025, 17:292,609
1 / 2

Samsung 9-njy iýulda Galaxy Unpacked tanyşdyryş çäresiniň geçiriljekdigini resmi taýdan tassyklady. Täze enjamlar Nýu-Ýorkda, ýerli sagat bilen sagat 10:00-da (Aşgabat wagty bilen 19:00-da) görkeziler diýip, The Verge habar berýär.

Çäräniň çakylygy bilen bilelikde ýerleşdirilen animasiýada eplenýän smartfonyň sudury görkezilýär we wideony "Ultra Unfolds" ýazgysy tamamlaýar.

Nämä garaşylýar?
Samsung-dan aşakdaky täze enjamlar görkezilip bilner:

  • Galaxy Z Fold7
  • Galaxy Z Flip7
  • Şeýle-de mümkin: Galaxy Fold7 Ultra, Flip7 FE we täze Galaxy Watch8 akylly sagatlar.

Tanyşdyryş çäresi Samsung-yň resmi YouTube kanalynyň üsti bilen göni ýaýlymda görkeziler.
Adatça bolşy ýaly, kompaniýa önünden sargyt edýänlere $50 mukdarynda sowgat hödürleýär. Bu puly Samsung-yň internet dükanynda harçlap bolýar — meselem, bu serişde Galaxy Z Fold6 üçin niýetlenen $85–$100 aralygyndaky çeholynyň bahasynyň bir bölegini ýapmaga kömek eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.