Samsung 86 dollardan Galaxy A07 smartfonyny hödürledi

27.08.2025, 14:408,928

Samsung kompaniýasy 2025-nji ýylda özünde iň amatly bahadan satyljak smartfonyny — Galaxy A07 modelini resmi taýdan hödürledi. Täze model eýýäm Indoneziýada alyjylar üçin elýeterlidir.

Esasy aýratynlyklary:

  • Ekran: 6,7 dýuým PLS LCD Infinity-U, HD+ (1600 × 720 piksel), täzeleniş tizligi — 90 Hz
  • Prosessor: MediaTek Helio G99 (köp ýadroly synaglarda G85-den takmynan 40 % has güýçli)
  • Kameralar:
  • Baş kamera: 50 MP (f/1.8) + goşmaça modul 2 MP
  • Ön kamera: 8 MP (f/2.0)
  • Batareýa: 5000 mA·s, çalt zarýad bermek — 25 W
  • Gorag: IP54 (tozandan we sepilen suwdan gorag)
  • Goşmaça: barmak yzy skaneri düwmede, Dual-SIM, microSD, Wi-Fi 5, Bluetooth 5.3, USB-C, 3,5 mm gulaklyk jeki

Reňkleri: ýaşyl, açyk benewşe, gara.
Ölçegi we agramy: 164,4 × 77,4 × 7,6 mm, 184 g.
Operasion ulgam: Android 15, OneUI 7 interfeýsi. Artykmaçlyk — 6 ýyl OS we howpsuzlyk täzelenmeleri.

Bahalary (Indoneziýa üçin):

  • 4 GB + 64 GB — $86
  • 4 GB + 128 GB — $101
  • 6 GB + 128 GB — $120
  • 8 GB + 256 GB — $141
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.