Time 2025-nji ýylyň iň beýik 300 oýlap tapyşynyň reýtingini hödürledi

24.10.2025, 12:184,605
1 / 10

Time žurnaly Time’s Best Inventions 2025 reýtingini – soňky 365 günde döredilen iň möhüm oýlap tapyşlaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl redaksiýa 300 innowasiýany saýlady – bu öňkülerden has köpdür.

Oýlap tapyşlar kategoriýalar boýunça bölündi: robototehnika, gözellik, dynç alyş, saglyk, dizaýn, oba hojalygy, iýmit, emeli aň we beýlekiler. Hünärmenler olara üç ölçeg boýunça baha berdi: netijelilik, potensial we täsir.


Reýtinge hojalyk enjamlaryndan başlap, ösen tehnologiýalara çenli onlarça gyzykly innowasiýa girdi. Şol sanda şu aşakdakylar hem bar:

  • ·Ilkinji eplenýän proýektor Aurzen Zip Tri-Fold;
  • ·Öz-özi gyzýan krossowka Nike Hyperboot;
  • ·Volvo Smart Belt – ýolagça görä sazlanýan akylly howpsuzlyk kemeri;
  • ·Samsung Premiere 5 – şekili stola ýa-da pola geçirýän proýektor;
  • ·Huawei Pura 80 Ultra smartfony – neşir ony soňky ýyllaryň iň gowy kamerofony diýip atlandyrdy;
  • ·Nekojita FuFu – gap-gaçlaryň gyrasyna berkidilýän we howa akymy arkaly içgileri ýa-da iýmiti sowadýan robot-pişik;
  • ·Whiter Paint – şöhläni şeýle bir gowy serpikdirýän boýag bolup, üsti 4,5°C sowadýar;
  • ·Figure 03 – ýylyň iň innowasion gumanoid roboty;
  • ·Deepseek R1 – öz arzanlygy we hemmetaraplaýynlygy bilen EA bazarynda howsala döreden hytaý çat-boty;
  • ·AirPods Pro 3 – pulsy yzarlaýan we hakyky wagtda terjime edýän ýylyň iň gowy simsiz nauşnigi;
  • ·Aerogami – Nike-dan daşky temperatura baglylykda gysylyp we ýazylyp, adamy derletmeýän akylly kurtka;
  • ·Adobe Photoshop Generative Expand – Adobe-yň suratyň üstüni ýetirýän, ony giňeldýän we suratdaky predmetleri üýtgedýän EA suratkeşi;
  • ·Verge TS Pro – iň ýokary ýol ätiýajy bolan elektromotosikl. 2025-nji ýylda motosikl bir zarýadda 310 kilometrden gowrak ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi;
  • ·Samsung Galaxy Z Flip5 – neşiriň pikiriçe, adamzadyň häzire çenli gören iň gowy eplenýän smartfony;
  • ·Alef Aeronautics Model A – uçýan giperkar;
  • ·Vision Pro – Apple-iň ilkinji AR garniturasy;
  • ·Shift Robotics Moonwalkers – islendik aýakgaba dakylýan we adamyň ýöreýşini 250% çaltlaşdyrýan rolik;
  • ·Salistick – göwreliligi peşew däl-de, aýalyň tüýküligi boýunça kesgitleýän dünýäde ilkinji göwrelilik testi;
  • ·QingYing E&T iMicro – islendik smartfonyň kamera obýektiwine dakylýan barmagyň ujy ýaly mikroskop;
  • ·Honor V Purse – dünýäde ilkinji smartfon-klatç;
  • ·Las-Wegasda şar şekilli MSG Sphere dynç alyş merkezi;
  • ·BMW iX Flow hameleon awtomobili;
  • ·DALL·E – tekst beýany boýunça hakyky şekilleri döretmek üçin OpenAI-den emeli aň.

Redaktorlar innowasiýalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny we munuň sanawda görkezilendigini belledi.
Oýlap tapyşlaryň doly sanawy şu salgy boýunça žurnalyň resmi saýtynda elýeterlidir. 







Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.