Magtymguly adyndaky TDU-nyň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi gysga möhletli okuwlara çagyrýar

17.11.2025, 11:063,246

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi aşakdaky dersler boýunça gysga möhletli okuwlara kabul edilýändigini yglan edýär:

  • Ynsanperwer, tebigy-ylmy we tehniki ugurlar boýunça mekdepden daşary bilim -  astronomiýa, biologiýa, fizika, himiýa, matematika;
  • türkmen dili, rus dili, iňlis dili, hünäri boýunça iňlis dili (Hukuk öwreniş hünäri), nemes dili, fransuz dili, arap dili, türk dili, hytaý dili, pars dili, italyan dili;
  • kompýuter boýunça okuwlar - kompýuter sowatlylygy, kompýuter grafikasy, çuňlaşdyrylan kompýuter tehnologiýalary (programmirleme), kiberhowpsuzlygyň esaslary, maglumatlar bazalary, sanly ykdysadyýet, kompýuter torlary, bilimde robot ulanmagyň tehnologiýalary, emeli aň we maglumat bilimi, VR-AR tehnologiýasy, mugallymyň işinde bilimiň sanlylaşdyrylmagy şertlerinde häzirki zaman maglumat tehnologiýalary;
  • Hukuk öwreniş boýunça kurslar - Türkmenistanyň durmuş üpjünçilik hukugynyň esaslary, Türkmenistanyň zähmet hukugynyň esaslary;
  • Pedagogika we psihologiýa kurslary - suhangöýlük ussatlygy, amaly psihologiýa, umumy pedagogika we pedagogik psihologiýasy;
  • Işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak  -orta hünär bilim ulgamynyň pedagogik işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagyň psihologik-pedagogik esaslary.

Okuwlar tölegli. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi talyp ýaşlary, professor mugallymlary we ildeşlerimizi ylmy we ylmy-barlag işleri şertnama esasda geçirmäge çagyrýar.
Ýerine ýetirilýän ylmy iş netijeli bolmaly we geljekde önümçilige ornaşdyrylmaly.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31
Habarlaşmak üçin:

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.