Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

13.06.2026, 11:562,273

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Maksatnama ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny jemgyýetiň ähli wekilleriniň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegi göz öňünde tutýar. Bu bolsa ýaş nesilleriň ylmy dünýägaraýşyny we gözýetimini giňeltmäge, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge hem-de ýurduň ylym ulgamyna goşýan goşandyny artdyrmaga ýardam eder.

Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Maksatnamada bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.