Gemini ýady import etmek funksiýasyny aldy: Ol indi başga serwislerden çatlary göçürýär

29.03.2026, 10:212,288

Google özüniň Gemini emeli aňy üçin täze funksiýalary — «Ýady import etmek» we «Çat storisini import etmek» funksiýalaryny hödürledi. Olar maglumatlary başga serwislerden geçirmäge we söhbeti mazmunyny ýitirmezden dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

«Ýady import etmek» funksiýasy ýüzlenmäni ýa-da jogaby göçürip almak arkaly işleýär: ulanyjy ony başga bir çata geçirýär, soňra bolsa alnan maglumatlary Gemini-ä gaýtaryp getirýär. Bu ulgamyň ulanyjynyň isleglerini has çalt öwrenmegine kömek edýär.

«Çatlaryň storisini import etmek» bolsa göwrümi 5 GB çenli bolan .zip formatyndaky dialoglar arhiwini ýüklemäge mümkinçilik berýär. Şondan soň gürrüňdeşligi saklanan ýerinden dowam etdirip bolýar.

Ulanyjylar sazlamalar arkaly aýry-aýry çatlary ýa-da doly import edilen arhiwi bozup biler.

Bu funksiýalar kompýuterlerde mugt we tölegli akkauntlar üçin elýeterlidir. Ýöne olar biznes-ulanyjylar we 18 ýaşdan kiçi şahslar üçin işlemeýär. Ähtimal, bu howpsuzlyk we gizlinlik meseleleri bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle hem, «Öňki çatlar» bölüminiň ady «Ýat» diýlip üýtgedildi. Bu üýtgeşme gepleşigiň mazmunyny saklap galmaga berilýän ünsi görkezýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.