Google we Gucci geljek ýylda "akylly" äýnek çykarmak üçin birleşdiler

20.04.2026, 06:011,756

Google we Gucci kompaniýalary "Gucci AI" atly "akylly" äýnekleri öndürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek kararyna geldiler. Enjamyň satuwa çykarylmagy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär.

​Bu taslama Kering toparynyň (Gucci-niň eýesi) ýokary tehnologiýalar bazaryndaky ornuny giňeltmek strategiýasyny we Gucci-niň lýuks brendleriň arasynda emeli aňly aksessuarlary çykarmakda öňdeligi eýelemek höwesini görkezýär.

​Enjamyň tehniki aýratynlyklary entek resmi taýdan mälim edilmedi. Şeýle-de bolsa, äýnekleriň kamera, mikrofon we dinamikler bilen enjamlaşdyrylmagyna hem-de Google-yň Android XR platformasy bilen utgaşdyrylmagyna garaşylýar.

​Bu ädim bazarda eýýäm meşhurlyk gazanan Ray-Ban "akylly" äýnekleri bilen bäsleşmäge hem-de Gucci-niň satuw görkezijileriniň peselen döwründen soň, brendiň öňki abraýyny dikeltmäge kömek eder.

​Bilermenleriň pikirine görä, tehnologiýa pudagyna aralaşmak brende moda tendensiýalarynyň üýtgeýänligine garamazdan, öz ornuny gorap saklamak üçin oňat mümkinçilikdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.