iPhone 17e-niň gorag aýnasy zeperlenmelere garşy aşa çydamly bolup çykdy

26.04.2026, 16:183,210
1 / 2

YouTube-de JerryRigEverything ady bilen tanalýan bloger Zak Nelson iPhone 17e smartfonynyň zeperlenmelere garşy durnuklylygyny synagdan geçirdi.

Smartfonyň gorag aýnasyna Moos şkalasy boýunça gatylygy 6 we ondan ýokary bolan materiallar bilen çyzyk düşýän hem bolsa, galýan yzlar o diýen bildirmeýär.

Şeýle hem bu hili aýnanyň diňe Apple gurluşlarynda ulanylýandygy, hatda iň ýönekeý iPhone 17e modelinde hem gurnalandygy bellenilýär.

Mundan başga-da, smartfon epilmäge garşy synagdan geçirildi. Uly agram salnanda-da, enjamyň korpusy egrelmeýär diýen ýaly.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.