Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

24.04.2026, 09:38930

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar.

​Mälim bolşuna görä, geleşigiň bahasy 110 milliard dollara barabardyr. Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, ol güýje girenden soň, Warner Bros.-yň her bir paýdary özüne degişli her aksiýa üçin 31 dollar möçberinde töleg alar. Eger ylalaşyk 30-njy sentýabra çenli tamamlanmasa, paýdarlara garaşylan her çärýek üçin aksiýa başyna 25 sentden töleg tölenip başlanar.

​Häzirki wagtda geleşigi ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň monopoliýa garşy edaralary barlagdan geçirýärler.

​Bu ylalaşyk Golluwudyň iň iri iki studiýasyny we olaryň giň mazmunly kitaphanalaryny, şeýle-de Paramount+ we HBO Max ýaly striming platformalaryny birleşdirer.

​Birnäçe aýyň dowamynda Netflix kompaniýasy hem Warner Bros.-yň aktiwleri üçin göreşip, kinostudiýalar we HBO Max strimingi üçin takmynan 83 milliard dollar teklip edipdi. Ýöne Paramount-yň has ýokary bahaly teklibinden soň, kompaniýa bu bäsleşikden ýüz öwürdi.

​Aprel aýynyň başlarynda kino we teleýaýlym pudagynyň wekilleri bu geleşige garşy çykdylar. Häzirki wagtda Kaliforniýanyň prokuraturasy bu birleşmek ähtimallygy bilen baglanyşykly derňew işlerini alyp barýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.