40 sany şäher häkimi maglumat merkezleriniň köpelmegine garşy göreşe çykdy

Şu gün, 05:531,510

Dört yklymdaky şäherlerden jemlenen kyrk häkim emeli aňyň maglumat merkezleriniň gurulmagyna we olaryň işine bildirilýän talaplary kesgitleýän şertnama gol çekdiler. Resminama Londondaky Howa çäreleri hepdeliginiň çäginde C40 Cities başlangyjy tarapyndan hödürlendi.

Şertnama arassa energiýany ulanmak, meýdançalary saýlamak, suw sarp edilişi we ýerli jemgyýetler bilen özara gatnaşyk babatynda bir bitewi standartlary göz öňünde tutýar. Bu şäher häkimiýetleriniň maglumat merkezleri pudagy üçin umumy düzgünleri ylalaşmak boýunça ilkinji global synanyşygydyr.

C40 Cities-iň maglumatlaryna görä, bu toruň şäherlerinde eýýäm 1700-e golaý maglumat merkezi işleýär, 50 şäherde bolsa bu pudagyň 40%-den gowrak ösmegine garaşylýar.

Başlangyç meňzeş meselelere – elektrik energiýasynyň we suwuň köp sarp edilmegine, şeýle hem ýer bölekleri ugrundaky bäsleşige duçar bolan Finiks we Melburn şäherleriniň ýolbaşçylarynyň arasyndaky maslahatlaşmalardan soň döräpdir.

Resminama laýyklykda, täze desgalar taşlanyp gidilen ýa-da az ulanylýan çäklerde ýerleşdirilmeli, gaýtadan dikeldilip bilinýän energiýa çeşmelerini we kuwwatlandyryjy ulgamlaryny ulanmaly, suw sarp edilişini we zyňyndylary azaltmaly, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar üçin peýda getirmeli. Şertnama şeýle hem iş orunlaryny döretmegi, harytlary we hyzmatlary ýerli üpjün edijilerden satyn almagy, infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmagy maliýeleşdirmegi we ilat bilen özara gatnaşyk etmegi göz öňünde tutýar.

Gol çekenleriň hatarynda ABŞ-nyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň, Hindistanyň, Ýewropa, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň şäherleri bar.

Şunuň bilen birlikde, Günorta-Gündogar Aziýanyň hiç bir şäheri sebitde bu pudagyň çalt ösmegine garamazdan, heniz bu başlangyja goşulmady. Ember seljerme merkeziniň maglumatlaryna görä, Indoneziýada, Malaýziýada, Singapurda, Taýlandda, Wýetnamda we Filippinlerde eýýäm 2000-den gowrak maglumaty gaýtadan işleýän merkez hereket edýär. Halkara energetika agentligi bäş ýylyň içinde bu desgalaryň ýyllyk energiýa sarp edilişiniň iki esse artjakdygyny çaklaýar. Malaýziýa bolsa Microsoft, Google we Nvidia kompaniýalarynyň maýa goýumlary üçin aýratyn özüne çekiji ýere öwrüldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.