«Birlik» platformasynyň işe girizilenine bary-ýogy bir aý wagt geçdi, ýöne ol eýýäm ýurdumyzdaky müňlerçe harytlaryň dolanyşygyny bir ýere jemlemegi başardy.
«Biz satyn alşyň we üpjünçilik işleriniň has aňsat, çalt hem-de amatly bolup biljegini görkezýän döwrebap B2B platformasyny döretdik. Indi dükanlar, marketler, kafeler, toý mekanlary we beýleki kärhanalar ähli gerek harytlaryny bir ýerden tapýarlar, üpjün edijiler bolsa bütin ýurt boýunça täze alyjylara çykýarlar. Bu ýagdaý eýýäm bütin bazara täsirini ýetirýär» — diýip, programmanyň işläp düzüjileri gürrüň berýär.
«Birlik» bilen üpjün edijiler näme gazanýar?
Platforma öndürijilere, dilerlere we resmi üpjünçilere öz harytlaryny ýurduň dürli künjegindäki alyjylara görkezmäge kömek edýär. «Birlik» bilen siz:
- öz harytlaryňyzy ýeke-täk sanly meýdançada ýerleşdirip;
- söwda agentleriniň sanyny köpeltmezden täze müşderileri tapyp;
- sargytlary hakyky wagt režiminde (real-time) kabul edip;
- bahalary, aksiýalary we arzanladyşlary özbaşdak belläp;
- ýeke-täk şahsy kabinet arkaly sargytlary, müşderileri we logistikany dolandyryp;
- artykmaç çykdajysyz satuw geografiýasyny giňeldip bilersiňiz.

Alyjylar näme gazanýar?
Haryt satyn almak işi ep-esli ýönekeýleşýär. Indi dükanlar, marketler, kafeler, restoranlar, myhmanhanalar we beýleki lomaý alyjylar:
- dürli üpjün edijileriň harytlaryny bir goşundynyň içinde tapmak;
- bir sargydy birbada birnäçe üpjünçä ugratmak;
- öňki satyn alnanlary ýekeje düwme bilen gaýtalamak;
- çykdajylara gözegçilik etmek we satyn alyşlary seljermek;
- ähli amallaryň awtomatlaşdyrylmagy netijesinde wagty tygşytlamak mümkinçiligine eýe bolýar.
«Birlik» ulgamyna näçe köp üpjün ediji goşulsa, harytlaryň görnüşi hem şonça giňeýär, alyjylar bolsa has amatly tekliplerden peýdalanmak mümkinçiligini alýar. Bu bolsa döwrebap söwdanyň ösmegine ýardam edýär, telekeçileriň özara gatnaşygyny has amatly edýär we harytlaryň alyjylar bilen tiz tapyşmagyna ýol açýar.
«Biz “Birlik” platformasyny ösdürmegi dowam edýäris we öndürijileri, dilerleri hem-de üpjünçileri ýeke-täk sanly söwda platformasynyň agzasy bolmaga çagyrýarys».
«Birlik» — bazar siziň eliňizde!
«Birlik» goşundysyny App Store we Google Play dükanlaryndan ýükläp bilersiňiz.
- Tel.: +993 71 753112
- Elektron poçta: birlikhyzmat@gmail.com
- Saýt: https://birlik.com.tm