«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Kazan ugry boýunça 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli hereket etjek üç sany goşmaça gatnawy girizdi. Muňa awiakompaniýanyň resmi saýtynda neşir edilen uçuş tertibi şaýatlyk edýär.
Bu ugurdaky yzygiderli gatnawlardan başga-da, awiakompaniýa penşenbe, anna we ýekşenbe günleri goşmaça gatnawlary ýola goýdy.
Bulardan başga-da, iki şäheriň arasynda sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri yzygiderli gatnawlar amala aşyrylýar.
Şeýle-de, 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan başlap awiakompaniýa bu ugur boýunça uçuşlaryň ýygylygyny hepdede alty gatnawa çenli artdyrmagy meýilleşdirýär — gatnawlar duşenbe gününden başga galan günlerde ýerine ýetiriler.