Taýson Fýuriniň indiki garşydaşy Mariuş Wah bolar

Şu gün, 12:29673
1 / 2

Agyr agram derejesinde dünýäniň öňki çempiony Taýson Fýuri indiki tutluşygyny 24-nji iýulda polşaly boksçy Mariuş Waha garşy geçirer. Tutluşyk Pattaýada (Tailand) geçiriler.

37 ýaşly britaniýaly türgen bu tutluşygy Entoni Joşua bilen boljak duşuşygynyň öň ýanynda geçirer. Deslapky maglumatlara görä, Joşua bilen boljak tutluşyk şu ýylyň ahyrynda geçip biler. Joşuanyň özi bolsa bir gün soň, 25-nji iýulda Saud Arabystanynynda Kristian Prenga bilen duşuşar.

Fýuri sosial ulgamlarda biletiň satuwyndan düşen ähli girdejiniň haýyr-sahawat işlerine gönükdiriljekdigini habar berdi. Mundan başga-da, boksçy Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) taryhda ilkinji gezek gowşurylýan ynsanperwerlik tituly bilen sylaglanar.

46 ýaşly Mariuş Wahyň hasabynda 39 ýeňiş we 13 ýeňliş bar. Polşaly boksçy ýeňişleriniň ýigrimisini nokaut bilen gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.