Ýeriň töweregindäki orbitada häzirki wagtda 13 486 tonna kosmos zibili bar. Ýeriň daşynda ölçegi 10 santimetrden uly bolan 36 müňe golaý obýekt, şeýle hem has kiçi göwrümli örän köp sanly bölekler aýlanýar diýip, «Phys.org» ylmy portaly ýazýar.
Kosmos zibiline ulanylmaýan emeli obýektler, şol sanda raketalaryň ulanylan basgançaklary, ulanylyşdan çykarylan emeli hemralar we olaryň dürli ölçegdäki galyndylary degişlidir.
Bu bölekleriň salýan esasy howpy olaryň aşa ýokary tizlikde – Ýeriň töweregindäki pes orbitada, takmynan, 7 km/s bilen hereket etmegidir. Olaryň çaknyşmagy hereket edýän emeli hemralary hatardan çykaryp, täze galyndylaryň döremegine sebäp bolup bilýär. Kosmos baradaky iň ýakymsyz ýagdaý bolan Kessler sindromyna görä, zibilleriň zynjyrly çaknyşma reaksiýasy orbitanyň käbir ýerlerini geljekki kosmos uçuşlary üçin ýaramsyz edip biler.
Eýýäm häzir Halkara kosmos stansiýasy zibiller bilen çaknyşmazlyk üçin ýylda azyndan bir gezek öz ugruny üýtgetmek amallaryny ýerine ýetirmeli bolýar.
Bu meseläni çözmegiň esasy ýollarynyň biri hökmünde obýektleri orbitadan çykaryp, olaryň atmosferada ýanyp gitmegini gazanmak bellenilýär, ýöne bu proses ozon gatlagyna zyýan ýetirip biljek gurumyň we alýumin oksidiniň emele gelmegi bilen utgaşýar.
Kosmos zibillerine garşy göreşmek üçin dürli tehnologiýalar, şol sanda torlar, magnitler, tanaplar, ýelkenler, garpunlar we obýektleri orbitadan aýyrmagyň beýleki ulgamlary taýýarlanylýar. Şol bir wagtda halkara talaplar hem üýtgedilýär: täze düzgünlere görä, emeli hemralar iş möhleti tamamlanandan soň, öňki göz öňünde tutulan 25 ýylyň deregine, indi 5 ýyldan gijä galman işçi orbitasyny terk etmelidir.