Indoneziýa ýangyçda 50% palma ýagynyň ulanylmagyny hökmany eden ilkinji ýurt boldy

Düýn, 21:291,270

Indoneziýa dünýäde ilkinji bolup düzüminde palma ýagy bolan ýangyjy peýdalanyp başlady. Bu barada ýurduň prezidenti Prabowo Subianto mälim etdi diýip, «JakartaGlobe» neşiri habar berýär.

Ýurtda resmi taýdan B50 maksatnamasy durmuşa geçirilip başlandy. Bu taslama dizel ýangyjynyň düzüminde hökmany suratda palma ýagynyň esasynda taýýarlanan biodizeliň 50%-iniň bolmagyny göz öňünde tutýar.

Maksatnamanyň işe girizilmegi Günbatar Ýawanyň Karawang şäherinde geçirildi. Prezident öz çykyşynda: «Bu maksatnamanyň işe girizilmegi bilen Indoneziýa resmi taýdan dünýäde hökmany B50 biodizelini ulanmaga başlan ilkinji ýurt boldy. Bu diňe bir tehnologik üstünlik däl-de, eýsem Indoneziýanyň öz halkynyň bähbidi üçin hususy tebigy baýlyklaryny ulanyp biljekdiginiň subutnamasydyr» diýip belledi.

Indoneziýanyň häkimiýetleri täze maksatnamanyň gazylyp alynýan ýangyjyň importyny azaltmaga, palma ýagynyň ýurduň içinde gaýtadan işlenilişini artdyrmaga we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmäge mümkinçilik berjekdigine bil baglaýar.

B50 maksatnamasy ýurtda bio-ýangyjyň paýyny tapgyrma-tapgyr artdyrmak syýasatynyň dowamy boldy. Belläp geçsek, 2006-njy ýylda biodizeliň hökmany paýy bary-ýogy 5%-e barabar bolan bolsa, soňra ol 40%-e çenli ýokarlandyrylypdy. Täze B50 standartyny girizmezden öň, häkimiýetler tarapyndan awtomobilleriň, otlularyň we elektrik stansiýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe synaglar geçirildi.

Hökümet täze standarta geçilmeginiň netijesinde şu ýyl dizel ýangyjynyň artykmaçlygyny 4 million kilolitre çenli ýetirmäge we geljekde ýangyç importyndan doly ýüz öwürmäge garaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.