Jiddada (Saud Arabystany) professional boks agşamy geçirildi. Esasy duşuşykda super agyr agram derejesinde IBF, WBA, WBO we IBO wersiýalary boýunça öňki dünýä çempiony, 36 ýaşly britaniýaly Entoni Joşua bilen albaniýaly 35 ýaşly Kristian Prenga duşuşdylar.
Tutluşyk ikinji raundda Joşuanyň Prengany nokaut etmegi bilen tamamlandy. Şol bir wagtyň özünde, duşuşygyň başy britaniýaly boksçy üçin agyr boldy: birinji raundda Entoniniň özi iki gezek nokdauna düşdi.

2012-nji ýyldaky Olimpiýa çempiony (91 kg ýokary agram kategoriýasynda) Entoni Joşua 2013-nji ýyldan bäri professional boksda çykyş edýär. Onuň hasabynda 29 ýeňiş (26-sy wagtyndan öň) we dört ýeňliş bar. Kristian Prenganyň hasabynda bolsa 20 ýeňiş (hemmesi wagtyndan öň gazanyldy) we iki ýeňliş bar.