Queen toparynyň Don't Stop Me Now aýdymy YouTube-da 1 milliard gezek diňlendi

01.08.2026, 13:011,665

Queen toparynyň Don't Stop Me Now aýdymy YouTube-da 1 milliarddan gowrak gezek diňlenildi. Bu barada Billboard neşiri habar berdi.

Queen wideo hyzmatynyň "Milliard gezek görlenler klubyna" ilkinji gezek goşuldy.

on't Stop Me Now aýdymy toparyň iň meşhur aýdymlarynyň biri hasaplanýar. Ol ilkinji gezek 1978-nji ýylda "Jazz" albomynda çykarylypdy we Beýik Britaniýanyň çartlarynda dokuzynjy orny eýeläpdi.

Soňraky ýyllarda bu aýdym köp sanly filmlerde we mahabat roliklerinde görkezildi. Onuň meşhurlygy 2018-nji ýylda Queen toparynyň we toparyň baş aýdymçysy Freddi Merkuriniň işine bagyşlanan "Bogem rapsodiýasy" filminiň çykmagy bilen ýene-de ýokarlandy.

Şeýlelikde, çykanyndan bäş onýyllyga golaý wagt geçensoň, bu kompozisiýa YouTube-da milliardlyk görkezijiden geçdi.
 

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.