BTS-iň agzasynyň eşigi we DÇ-2026-nyň final topy auksionda birmeňzeş baha satyldy

05.08.2026, 10:353,453
1 / 4

Christie’s auksion öýüniň platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýadygärlik zatlary satylan «ONE GOAL: Auction for the FIFA Global Citizen Education Fund» atly haýyr-sahawat söwdalary tamamlandy. Söwdalardan umumylykda 652 630 dollar ýygnaldy. Bu görkeziji ilkibaşdaky çaklamalardan ep-esli ýokary boldy.

Iň gymmat satylan zatlar final duşuşygynyň resmi oýun topy hem-de BTS toparynyň agzasy Çiminiň sahna köýnekçesi (longsliwi) boldy. Olaryň her biri 110 000 dollara satyldy.

Şol bir wagtyň özünde, auksion öýüniň olara beren ilkinji bahalandyrmalary bir-birinden ep-esli tapawutlanýardy:

  • Futbol topy: $30–40 müň töweregi bahalandyrylypdy (çaklamadan, takmynan, 3 esse gymmat satyldy).
  • Çiminiň longsliwi: $1–3 müň töweregi bahalandyrylypdy (ilkinji bahasyndan 37 esse gymmat satyldy).

BTS toparynyň agzalarynyň zatlary aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Sazandalaryň final oýnunyň arakesmesinde çykyş eden wagty geýen egin-eşikleri we esbaplary umumylykda 300 300 dollar girdeji getirdi, bu bolsa auksionyň umumy söwda möçberiniň, takmynan, 46%-ini tutýar.

Beýleki satylan zatlaryň bahalary:

  • Lionel Messiniň awtografy bolan Argentinanyň ýygyndysynyň köýnekçesi (Şakira tarapyndan gowşurylan): $66 000 (ilkinji bahasyndan 22 esse gymmat)
  • Winiň (Kim Tehýon) şarfy: $46 200
  • Çongukyň kurtkasy: $46 200
  • Madonnanyň awtografy bolan ellik: $41 800
  • Şuganyň (Min Ýungi) şarfly balagy: $33 000
  • «Earth Ball» (sazandalaryň, aýratyn hem Coldplay toparynyň agzasy Kris Martiniň gol çeken, Ýeriň şekili bolan bezelen ýadygärlik topy): $28 600
  • Jeý-Houpyň (Hobi) elligi: $28 600
  • Jastin Biberiň krossowkasy: $26 400
  • RM-iň (Namjun) aýakgaby: $19 800
  • Jiniň guşagy: $16 500


Onlaýn-auksion Christie’s tarapyndan Global Citizen bilen bilelikde guraldy. Gazanylan ähli serişdeler FIFA Global Citizen Education Fund gaznasyna geçiriler. Bu gazna tutuş dünýä boýunça çagalar üçin bilim we sport maksatnamalaryny maliýeleşdirmek üçin döredilip, onuň maksatnamalaýyn kapitaly 100 million dollara barabar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.