Baky doňaklyk eränsoň, Arktikada gadymy läheňleriň we demirgazyk sugunlarynyň galyndylary ýüze çykdy

04.08.2026, 17:136,398
1 / 3

Alymlar Frans-Iosifiň Ýeri arhipelagynda baky doňaklygyň eremeginden soň ilkinji gezek gadymy haýwanlaryň süňk galyndylarynyň ýüze çykan 39 sany ýerini tapdylar. Bu barada TASS habar berýär.

Tapyndylaryň arasynda läheňleriň, garsakaýaklylaryň (ähtimallyk bilen düwlenleriň) süňkleri, şeýle hem demirgazyk sugunyň şahlary bar. Galyndylaryň bir bölegi häzirki zaman kenar çyzygyndan ep-esli uzakda ýerleşýär.

«Galyndylaryň toplanan ýerleriniň jemi 39-syny anykladyk, olaryň 12 nusgasy ýaşyny kesgitleme we gadymy DNT-ny bölüp almak üçin ýygnaldy» diýip, «Arktika ýüzýän uniwersiteti — 2026» ekspedisiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Anna Trofimowa gürrüň berdi.

Gözlegçileriň aýtmagyna görä, demirgazyk sugunlary Frans-Iosifiň Ýerinden birnäçe müň ýyl öň ýok bolup gidipdirler. Olara iň ýakyn häzirki zaman populýasiýalary Şpisbergen we Täze Ýer adalarynda saklanyp galypdyr.

Alymlar Arktikanyň planetamyzyň beýleki sebitlerinden has çalt gyzýandygyny aýdýarda. Şol sebäpli buzluklaryň eremegi we köpýyllyk doňaklyklaryň zaýalanmagy tizleşýär, bu bolsa öň doňup galan organiki galyndylaryň ýüze çykmagyna we bug gazlarynyň zyňyndylarynyň artmagyna getirýär. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda edil şu ýagdaýyň netijesinde Frans-Iosifiň Ýeri arhipelagynyň düzümine girýän Mesýasew adasy tutuşlygyna suwa batypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.