SpaceX raketasynyň awtobus ululygyndaky basgançagy Aýa baryp uruldy

06.08.2026, 12:204,304
1 / 6

5-nji awgustda SpaceX kompaniýasynyň «Falcon 9» raketasynyň işini dynan ikinji basgançagy sagatda takmynan 8,7 müň kilometr tizlik bilen Aýa baryp uruldy.

NASA bu wakanyň «Ýer üçin hiç hili howp salmaýandygyny», emele gelen krateriň bolsa alymlara Aý barada täze maglumatlary almaga kömek etjekdigini belledi.

Gürrüň 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda «Blue Ghost» amerikan gonuş modulyny we «HAKUTO-R Mission 2» ýapon stansiýasyny Aýa ugradan 2025-010D tehniki belgili hereketlendiriji blogy barada gidýär.

Öz işini tamamlanyndan soň, agramy takmynan 4 tonnadan geçýän bu basgançak Ýeriň ýokary orbitasynda galypdy we bir ýyldan gowrak wagt geçensoň, Aýyň dartyş güýji tarapyndan özüne çekilipdir.

Çaknyşyk düýn Aşgabat wagty bilen sagat 11:35 töwereginde boldy. Indi hünärmenler urgy faktyny doly tassyklamaly bolar. Höwesjeň astronomlaryň hatda iň gowy teleskoplary hem Aýyň görünýän tarapynyň gyraçetindäki partlamany tutup bilendigi gümana, emma Demirgazyk we Günorta Amerikadaky uly obserwatoriýalaryň ony görmek mümkinçiligi bar, häzirki wagtda olar maglumatlary jemleýärler. Doly suratyň düzülip çykarylýança birnäçe gün ýa-da hepdeler hem geçip biler.

Hasaplamalara görä, enjam Aýyň görünýän tarapynyň gyralaryndaky Eýnşteýn krateriniň golaýyna gaçypdyr, şonuň üçin urgy pursatyny Ýerden synlamak asla mümkin däl diýen ýaly. Urgynyň netijesinde diametri takmynan 17 metr bolan krater emele gelmelidi. Ýakyn günlerde ony «Lunar Reconnaissance Orbiter» orbital enjamy surata düşürer.

NASA bu wakadan Aýyň ýüzüni öwrenmek we kosmos jisimlerini yzarlamak usullaryny kämilleşdirmek üçin peýdalanmaga umyt baglaýar.

Alymlar bu wakanyň täze bilimleri berjek we Ýeriň hemrasyna ediljek geljekki ekspedisiýalary guramaga kömek etjek özboluşly tötänleýin synag bolup biljekdigine ynanýarlar.

Astronom Bill Greý Ýere gaýdyp gelýän kosmos zibiliniň has uly alada döredýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, urgy netijesinde pytran daşlaryň we tozanyň Aýda işleýän enjamlara zeper ýetirip biljek ähtimallygy örän pesligine galýar.

Işläp bolan enjamlaryň we beýleki kosmos zyňyndylarynyň Aýa urulmagy seýrek hem bolsa, asla görülmedik ýagdaý däl. Raketalaryň galyndylarynyň aglabasy Ýere gaýdyp gelýär we onuň atmosferasynda ýanýar, Aýa bolsa soňky gezek enjam 2022-nji ýylyň mart aýynda baryp urlupdy. Şonda hytaý raketasynyň basgançagy öz ýumşuny tamamlanyndan soň, Aýyň ýüzüne tarap ugrukdyrylypdy.

2009-njy ýylda «LCROSS» amerikan missiýasy hem şoňa meňzeş ýagdaýda tamamlandy, onuň döredijileri urgynyň netijesinde emele gelen tozan buludyny öwrenmek hem-de onda suw buzunyň bardygy barada maglumat almak üçin enjamy Aýa ugrukdyrypdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.