97 ýaşly zenan uçaryň ganatyna çykdy

08.08.2026, 08:0112,292
1 / 5

Beýik Britaniýanyň 97 ýaşly ýaşaýjysy Betti Bromeýj ýene-de Ginnesiň rekorlar kitabyna girdi. Ol uçup barýan uçaryň ganatyna çykan ýeke-täk gartaşan zenan boldy.

Ol şeýle uçuşy soňky on ýylyň içinde eýýäm altynjy gezek amala aşyrdy diýip, Daily Mail ýazýar.

Betti özüniň bu çakdanaşa howply höwesine geçen ýylyň awgust aýynda geçiren insultyndan soňra gaýtadan baş goşdy. Onuň aýtmagyna görä, kesel onuň gepleýşine täsir etse-de, hyýalyndan dänmäge mejbur edip bilmedi:

«Şu güýmenjäm bolmadyk bolsa, içgysgynç ýaşardym. Ulag sürüp bilemok, gözlerim ibaly görenok, wagtal-wagtal sustum basylýar. Şonuň üçinem, heniz elimden gelýän zat barka edeýin diýýän».

Zenan boýunyň keltejikdigi sebäpli uçaryň ganatyna zordan münenem bolsa, käbir oýun attraksionlaryny uçaryň üstünde durmakdan has gorkunç hasap edýär.

Bromeýj bu wagtlar özüniň ýüz ýaş ýubileýiniň aladasynda, onuň indi has täze, üýtgeşik bir zatlary synap göresi gelýär.

Zenan bu uçuşyny insultdan soň bejergi alan Çeltenhem hassahanasy üçin harajat toplamaga bagyşlady. Toplanan haýyr-sahawat serişdeleri näsaglar we lukmançylyk işgärleri üçin enjam satyn almaga sarp ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.