FIFA DÇ-nyň finalyndan soňky dawa üçin argentinaly futbolçylaryň jezasyny kesgitledi

Şu gün, 09:132,336
1 / 2

FIFA Dünýä çempionatynyň final oýnundan soňky turan uruş we ýaryşyň dowamynda başga-da eden bidüzgünçilikleri sebäpli, Argentina milli ýygyndysynyň üç oýunçysyny oýundan çetleşdirdi, şeýle hem topara we federasiýa pul jerimesini saldy.

Ispaniýaly Erik Garsianyň kekirdeginden tutup, Gawini itekläp ýykan argentinaly ýarymgoragçy Leandro Paredesi 10 oýundan çetleşdirdiler. Onuň jezasy 2014-nji ýylda urugwaýly hüjümçi Luis Suarese (italýan goragçysy Jorjio Kýellinini dişläni üçin) berlen jeza bilen deňeşdirilýär. Bu dünýä çempionatlarynyň taryhynda berlen iň agyr jezalaryň biridir.

Suares şonda «Barselona» klubunyň oýunlaryndan 4 aý, Urugwaýyň milli ýygyndysynyň resmi duşuşyklaryndan bolsa goşmaça 8 oýunlyk çetleşdirilipdi.

Mundan başga-da, Argentina milli ýygyndysynyň goragçysy Nauel Molina ýedi oýunlyk, Tiago Almada bolsa bir oýunlyk çetleşdirmä sezewar edildi. Şeýle hem FIFA Paredes bilen Molinanyň her birine €76 000, Almada bolsa €25 000 möçberinde pul jerimesini saldy.

Hakykat ýüzünde, bu temmi Paredesiň Argentinanyň milli ýygyndysyndan bir ýyllyk çetleşdirilmegini aňladýar, çünki FIFA-nyň milli ýygyndylar üçin 2027-nji ýylyň iýunyna çenli meýilleşdiren senenamasynda hem hut 10 sany duşuşyk bar. Resmi oýunlaryň öňünden meýilleşdirilmändigi üçin olaryň hemmesiniň diňe ýoldaşlyk duşuşygy bolaýmagy ähtimal.

Ispaniýaly Gawi hem Milletler ligasynyň çäginde 26-njy sentýabrda «Wembli» stadionynda boljak Angliýa bilen bir duşuşykdan çetleşdirildi.

Argentina milli ýygyndysynyň tälimçisi Roberto Aýala üç oýunlyk jezalandyrma we €25 000 möçberinde pul jerimesi bellendi.

Argentina Futbol Federasiýasyna Dünýä çempionaty mahalynda ýüze çykan birnäçe ýagdaýlar üçin €94 000 möçberinde pul jerimesi kesildi. Olaryň arasynda ýarym finalda Angliýany ýeňenlerinden soň, futbolçylaryň Folklend adalary baradaky syýasy banner bilen meýdança çykmagy we janköýerleriň kemsidiji gykylyklary-da bar. Şeýle hem, FIFA-nyň karary bilen, federasiýa jynsparazlyga garşy göreşmek taslamalaryna €85 500 gönükdirmäge borçly edildi.

Dünýä çempionatyndaky çykyşy üçin Argentina FIFA-dan €29 mln baýrak puluny aldy.

Argentina federasiýasy iň uzak möhletli jezalandyrmalar we pul jerimeleri barada ilki FIFA-nyň degişli edaralaryna, soňra bolsa Sport arbitraž kazyýetine (CAS) arza berip biler.

Ýatladyp geçsek, Argentinanyň milli ýygyndysy final duşuşygynda Ispaniýadan 0:1 hasaby bilen ýeňildi. Oýundaky ýeke-täk goly goşmaça wagtda ispan hüjümçisi Ferran Torres salypdy. Şu hepde Torres Fransiýanyň «PSŽ» klubunyň oýunçysy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.