Italiýada ýaşy 80-den geçen sürüjileriň sany milliona ýetdi: olar üçin çäklendirme taýýarlanylýar

Şu gün, 12:002,835

Italiýada ýol hereketi baradaky kanuna üýtgetmeler girizmek meýilleşdirilýär. Täze düzgünlerde ýaşuly sürüjiler üçin birnäçe çäklendirme girizilmegi ähtimal.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen resminamalara görä, 85 ýaşdan geçen sürüjilere awtomagistrallara çykmak gadagan ediler, şeýle hem olaryň ganyndaky alkogolyň rugsat berilýän derejesi nola düşüriler.

Mundan başga-da, bu ýaş toparyna degişli sürüjileriň ýaşaýan ýerinden 100 kilometrden uzak aralyga ulag bilen gitmegine çäklendirme girizmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Italiýada adamyň ýaşy ony sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum etmäge esas bolup bilmeýär. AM, A, B we BE kategoriýalary boýunça sürüjilik şahadatnamasy 70 ýaşdan soň üç ýyl, 80 ýaşdan soň bolsa iki ýyl möhlet bilen uzaldylýar. Şahadatnamany uzaltmak üçin sürüjiniň ulag sürmäge fiziki we psihiki taýdan ukyplydygyny tassyklaýan lukmançylyk barlagyndan geçmek ýeterlik.

Facile.it portalynyň maglumatyna görä, ýurtda 80 ýaşdan geçen sürüjileriň sany bir milliondan geçdi. Hatda 100 ýaşdan geçen adamlaryň hem sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaldan ýagdaýlary bar.

2022-nji ýylda Wiçenza welaýatynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly Kandida Uderso lukmançylyk barlagyndan geçip, sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini ýene iki ýyl uzaltdy. 2025-nji ýylda onuň rekordyny Sisiliýada ýaşaýan 102 ýaşly Sebastiano Lentini täzeledi. 2026-njy ýylyň martynda bolsa Riççone şäheriniň ýaşaýjysy Elio Balaka atly100 ýaşdan geçen ýene bir sürüji barada habar peýda boldy. Ol sürüjilik şahadatnamasyny 100 ýaş toýunyň öň ýanynda täzeläpdi.

Häkimiýetler bu üýtgetmeleriň zerurdygyny ýaşuly sürüjileriň gatnaşmagyndaky ýol-ulag hadysalarynyň, şol sanda ölüm bilen tamamlanýan heläkçilikleriň ýygy-ýygydan ýüze çykmagy bilen düşündirýärler.

Şol bir wagtyň özünde täze çäklendirmeler az ilatly ýerlerde ýaşaýanlar üçin kynçylyk döredip biler. Sebäbi şeýle ýerlerde lukmana, dükana ýa-da garyndaşlaryňka gidilende ulanylýan şahsy awtomobil köplenç ýeke-täk serişde bolup durýar. Aýratyn-da bu ýagdaý jemgyýetçilik ulaglary ýeterlik bolmadyk ýa-da asla ýok ýerlerine degişlidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.