Lamborghini kompaniýasy Italiýanyň polisiýasy üçin Temerario superkarynyň ýörite görnüşini tanyşdyrdy. Awtoulag gyssagly ýagdaýlarda, şol sanda donor organlaryny we beýleki möhüm lukmançylyk serişdelerini daşamak üçin ulanylar.
Täze awtoulag Temerario Polizia diýlip atlandyryldy. Ol Italiýanyň polisiýasyna mahsus bolan mawy-ak reňklerde we degişli nyşanlar bilen bezelen. Depesinde ýörite çyralar oturdylyp, ulagyň gabarasy milli baýdagyň reňklerindäki bezeg elementleri bilen üpjün edilen. Onuň salony, esasan, adaty görnüşde ýerine ýetirilen. Ýöne zerur bolan ýagdaýynda, ulag ulanylyşa girizilen wagty ýörite aragatnaşyk tehnikalary bilen enjamlaşdyrmak göz tutulýar.
Lamborghini-niň Italiýanyň polisiýasy bilen hyzmatdaşlygy 2004-nji ýylda, kompaniýanyň Gallardo modeliniň polisiýanyň awtoulag parkyna goşulmagy bilen başlandy. Şondan bäri polisiýa bu superkarlary transplantasiýa üçin 200-den gowrak donor organyny daşamakda ulandy.
Temerario 4,0 litrlik iki turbo V8 hereketlendirijisinden we üç elektrik motoryndan ybarat gibrid güýç ulgamy bilen üpjün edilen. Ulgam sekiz tizlikli awtomatlaşdyrylan geçiriji bilen işleýär. Awtoulagyň umumy kuwwaty 930 at güýjüne deň. Superkar 0-dan 100 km/sag tizlige 2,7 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 343 km/sag barabar.
Hyzmatdaşlygyň dowamynda Italiýanyň polisiýasy alty sany Lamborghini awtoulagyny, şol sanda Gallardo LP 560-4, Huracan we Urus Performante modellerini satyn aldy. Awtoulaglar diňe bir gyssagly ýagdaýlardaky operasiýalarda däl, eýsem, ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça geçirilen 1500-den gowrak çärede hem ulanyldy.