Nobel gaznasy 2026-njy ýyldaky Nobel baýragynyň pul möçberini 12 million şwed kronuna — takmynan, 1,22 million dollara çenli ulaltdy. Bu barada Gaznanyň wekilleri habar berdi.
«Baýragyň pul möçberini köpeltmek bilen, biz Nobel baýragynyň uzak möhletli ähmiýetini goldaýarys we baýragyň maliýe böleginiň wagtyň geçmegi bilen öz gymmatyny saklamagyny gazanýarys» — diýip, Nobel gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Hanna Stýerne düşündirdi.
Soňky 15 ýylyň dowamynda baýragyň pul möçberi birnäçe gezek üýtgedildi. 2012-nji ýylda ol her kategoriýada 10 milliondan 8 million şwed kronuna çenli azaldyldy. Şondan bäri baýragyň möçberi üç gezek köpeldildi we indi 12 million krona ýetdi.
2026-njy ýylyň Nobel baýragyna mynasyp bolanlar 5-12-nji oktýabr aralygynda yglan ediler.
2025-nji ýylda ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy «döredijilikli weýrançylyk arkaly durnukly ösüş gazanmak teoriýasyny» işläp düzen amerikaly Joel Mokire, fransuz Filipp Agiona we kanadaly Piter Howitte berlipdi. Parahatçylygyň Nobel baýragy Maria Korina Maçado «demokratik hukuklary öňe sürmekde irginsiz zähmeti» we «diktaturadan demokratiýa adalatly we parahatçylykly geçişi gazanmak ugrundaky göreşi» üçin berlipdi. Himiýa boýunça Nobel baýragy bolsa ýaponiýaly Susume Kitagawa, britaniýaly alym Riçard Robsona we iordaniýaly Omar Ýagä metal-organiki karkas gurluşlary işläp düzendigi üçin berlipdi. Edebiýat boýunça baýragy «apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin» wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai gazanypdy.