Mukamlar köşgünde baýramçylyk konserti geçirildi

22.09.2026, 23:403,248

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Çäre Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň gazanan üstünliklerine bagyşlandy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdylýar.

Konsertden öň gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdy. Sergide senetkärleriň el işleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri, kümüş şaý-sepler we ahalteke bedewlerini wasp edýän şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi.

Konsert maksatnamasynda meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary ýerine ýetirildi. Çykyşlar häzirki zaman Türkmenistanyň ösüşlerini görkezýän wideoşekiller we ýokary derejede ýerine ýetirilen tanslar bilen utgaşdy. Aýratyn-da, türkmen we iňlis dillerinde ýerine ýetirilen «Arkadag şäheri» aýdymy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilen «Kalbymda sen» aýdymy hem-de ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» tansy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Häzirkizaman tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagy sahnada çykyşlaryň has-da janly bolmagyna ýardam etdi.

Dabaraly konsert gatnaşyjylar tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen «Şöhrat bolsun, şan bolsun, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza!» atly baýramçylyk aýdymy bilen tamamlandy.