Ylmy barlag: gysga wagtlyk syýahatlar adam ömrüniň hilini ýokarlandyrýar

Düýn, 18:302,237

Sanşaýn-Kost (Awstraliýa) we Kenterberi uniwersitetleriniň (Täze Zelandiýa) alymlary syýahat etmegiň ýygylygy bilen ömrüň hiliniň arasyndaky baglanyşygy öwrendi. Üç pikir soraşma, degişlilikde, 599, 290 we 379 sany awstraliýaly syýahatçy gatnaşdy.

Deslapky netijä görä, adam näçe köp syýahat etse, onuň subýektiw abadançylyk derejesi şonça-da ýokary bolýar. Şeýle-de bolsa, has içgin seljerme diňe syýahat etmegiň abadançylygyň ýokarlanmagyny hemişe kepillendirmeýändigini görkezdi. Syýahatyň täsiri, esasan, gytaklaýyn ýüze çykýar: adamyň rahatlyk zolagyndan çykmagy onuň streslere durnuklylygyny ýokarlandyrýar we keýpini gowulandyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, onuň umumy abadançylygyna oňyn täsir edýär.

Barlagçylar gysga möhletli syýahatlaryň uýgunlaşma ukyby pes we psihologik taýdan has ejiz adamlara aýratyn peýda getirýändigini belledi. Duýgur häsiýetli syýahatçylar, asuda häsiýetli adamlara garanyňda, gündelik durmuşdan biraz daşlaşmakdan we «howasyny täzelemekden» has köp peýda görýär.

Alnan netijeler psihologlara we psihoterapewtlere ynjalygy bozulan we beýleki ruhy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlary goldamagyň täze usullaryny işläp düzmäge kömek edip biler.