Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrunda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek we olary sylaglamak barada Karara gol çekdi. Bu barada resmi türkmen metbugatynda habar berilýär.
Resminama laýyklykda, medeniýet, sungat, edebiýat we köpçülikleýin habar serişdeleri ugry boýunça ýokary netijeleri görkezen döredijilik işgärlerine, aýdymçylara we sazandalara, teleradioýaýlymyň we gazet-žurnallaryň wekillerine, sungat işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de 3 500 manat möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.
Halk döredijiligi we aýdym-saz toparlaryna, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna 10 500 manat möçberinde pul baýragy berildi.
Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylar topary bolsa 58 800 manada mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ugurlary boýunça ýeňijiler:
Iň gowy goşgular we poemalar üçin:
Daňatar Döwletmyradowiç Galpakow — «Nesil» gazetiniň bölüm redaktory;
Çaryberdi Mämmettuwakowiç Rejepow — «Arkadag» gazetiniň korrektory;
Aýjemal Şamyradowna Gaýlyýewa — S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy;
Ezizgeldi Annagulyýewiç Hellenow — Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Iň gowy makalalar we oçerkler üçin:
Tirkeş Mämmedow — «Bereketli toprak» gazetiniň bölüm redaktory;
Ahmet Täçliýewiç Geldiýew — «Watan» gazetiniň bölüm redaktory;
Orazgeldi Allamyradowiç Geldiýew — «Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary» gazetiniň korrektory;
Ogulnur Kurbanbaýewna Muradowa — Adalat ministrliginiň Lebap welaýat müdirliginiň Dänew etrap, şäher bölüminiň arhiwçisi;
Allanur Rejepmuhammedowiç Töräýew — «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ylmy işgäri;
Maral Çarygulyýewna Paşşykowa — Aşgabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň matematika mugallymy;
Läle Agageldiýewna Allaberdiýewa — Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy;
Gurban Aýydowiç Gurbanow — Daşoguz welaýat maýyplar bedenterbiýe sport klubunyň tälimçisi;
Keýik Umarowa — «Zenan kalby» žurnalynyň öz habarçysy;
Selimberdi Rejepberdiýewiç Hojaberdiýew — Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Iň gowy hekaýalar, terjimeler, powestler we romanlar üçin:
Nurmyrat Möwlamowiç Ataýew — Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.
Iň gowy kitaplar, neşir önümleri we dizaýn-bezeg işleri üçin:
Döwlet Amangeldiýewiç Halmyradow — Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň operatory;
Rahmanberdi Godarow — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüminiň müdiri.
Iň gowy teleradiogepleşikler toplumy üçin:
Didarmuhammet Annaöwezowiç Atagulyýew — «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň režissýory;
Myrat Çarydurdyýewiç Geldiýew — «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň teleoperatory;
Ysmaýyl Şamuhammedowiç Täçmuhammedow — «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň teleoperatory;
Jemal Çaryýewna Gurbanowa — «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň jogapkär kätibi;
Arslan Allanazarowiç Myratdurdyýew — «Miras» teleradioýaýlymynyň Teleoperatorlar toparynyň ýolbaşçysynyň wagtlaýyn wezipesini ýerine ýetiriji;
Gunça Geldimuradowna Dolyýewa — «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy;
Şükür Atageldiýewiç Gulmeşow — «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy;
Wepa Baýramgulyýewiç Myşşyýew — «Arkadag» teleýaýlymynyň teleoperatory;
Gülälek Muhammetnazarowna Hojageldiýewa — «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň režissýory;
Şeker Jumamyradowna Çaryýewa — «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň uly tehnigi;
Güljahan Serdarowna Saparowa — TDU-nyň zoologiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi;
Kerwenmyrat Goçmyradowiç Halmyradow — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň serkerdesi;
Hekim Orazmuhammedowiç Durdyýew — Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň uly hünärmeni.
Iň gowy kinofilmler, sahna oýunlary we çykyşlary üçin:
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary (topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýew);
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary (baş ýolbaşçysy Myrat Hydyrmämedowiç Aradow);
Magtymguly Merdanowiç Ýazmyradow — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy;
Gadam Gylyçmyradowiç Kakabaýew — Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň edebiýat – dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy;
Anastasiýa Wasilýewna Balandina — A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti.
Iň gowy tans, halk döredijiligi we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary üçin:
«Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans topary (çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhamedowa);
«Mukam» skripkaçylar topary (çeper ýolbaşçysy Garold Isaakowiç Neýmark);
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Simfoniki orkestri (dirižýory Döwletmämmet Azady ogly Ökdirow);
Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň tans topary (ýolbaşçysy Gunça Merdanowna Derýagulyýewa);
Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň birleşen dessançylar topary (ýolbaşçysy Wepa Dädebaýewiç Nurmuhammedow);
Enejan Annaýewna Annageldiýewa — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy;
Humaý Maksatmyradowna Mämmedowa, Bagtygül Pirmuhammedowna Annamuhammedowa, Ogulgözel Bäşimowna Durdyýewa, Çary Berdimyradowiç Orazow, Meýlis Ismaýylowiç Nazarow, Gurbandurdy Çarymyradowiç Saparow — «Dokmaçylar» tans toparynyň balet artistleri;
Kakamyrat Şihiýewiç Şihiýew — Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň balet artisti;
Walentina Pawlowa — «Meňli» tans ansamblynyň balet artisti;
Gözel Batyrowna Meredowa — «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» folklor toparynyň tans artisti;
Serdar Dörtgulyýewiç Galhanow — «Serpaý» folklor-etnografiýa toparynyň artisti.
Aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:
Meýlis Ýaýlymyradowiç Goçmyradow — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň mugallymy;
Mährijemal Çaryýargeldiýewna Annasahatowa — «Galkynyş» folklor toparynyň artist-wokalisti;
Çynar Nurmyradowna Annamyradowa — «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň çeper ýolbaşçysynyň orunbasary;
Munisa Žasurbekowna Hudaýbergenowa — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby;
Batyrmyrat Orazgeldiýewiç Sahyýew — Gökdepe etrap medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň artisti;
Gülhanum Araznyýazowna Araznyýazowa — Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy;
Bahram Rozymradowiç Hüseýinow — Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky oba medeniýet öýüniň tans goýujysy;
Agageldi Saparmyradowiç Ýazmyradow — 20016-njy harby bölüminiň Göreldeli harby orkestriniň konsertmeýsteri;
Halnazar Çaryýarowiç Sabyrow — «Laçyn» tans-saz folklor toparynyň artist-wokalisti.
Sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:
Ýusupgeldi Guwançewiç Gandymow — Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň artisti-solisti;
Batyr Bekdurdyýewiç Gonaşýew — Mukamlar köşgüniň saz guralyny bejeriji we düzüjisi;
Sapamyrat Baýrammyradowiç Amanmyradow — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy.
Iň gowy aýdym-saz eserleri üçin:
Nepes Durdymyradowiç Gurbanow — Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Içerki goşunlaryň 1002-nji harby bölüminiň Estrada-simfoniki orkestriniň harby dirižýory;
Şahzod Gulmuratowiç Gulmuratow — Türkmenistanyň Döwlet horunyň hormeýsteri.
Medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede gurandygy üçin:
Aýgül Allaýarowna Rejepowa — «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň çeper ýolbaşçysy;
Hydyrguly Annagurbanowiç Akmyradow — Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň çeper ýolbaşçysy;
Myrat Muhammetmyradowiç Durdyýew — Arkadag şäher Medeniýet müdirliginiň inženeri;
Amangeldi Meretmuhammedowiç Ýegenow — Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungat eserleri, fotosuratlar, senetçilik we taslama-bezeg işleri üçin:
Maksat Döwletgeldiýewiç Hudaýberdiýew — Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy;
Kömekgeldi Garataýewiç Orazdurdyýew — Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 6-njy ýyl talyby;
Dawutmuhammet Maksatmuhammedowiç Maksatmuhammedow — Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby;
Annageldi Şageldiýewiç Şageldiýew — Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 6-njy ýyl talyby;
Döwletmyrat Gandymowiç Durdyýew — Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiriniň orunbasary.
Iň gowy halylar, haly önümleri we keçeler üçin:
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Akhan» halyny dokan topary (15 adam, ýolbaşçysy Mähri Orazberdiýewna Annaberdiýewa);
Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir! atly halyny dokan topary (84 adam, ýolbaşçysy Güljan Annamyradowna Tüýliýewa);
Sähragül Gazakbaýewna Taganmyradowa — «Melek haly» ussahanasynyň halyçysy.
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak üçin Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan jemi 380 800 manat möçberinde pul serişdelerini tölemek tabşyryldy.