Täze jaýlar we desgalar: Serdar Berdimuhamedow senagat pudagynda alnyp barylýan işler hakda gürrüň berdi

Düýn, 00:1710,915

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumynyň işini kämilleşdirmek, innowasion önümçilikleri döretmek we gurluşyk materiallaryny öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada habar berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, şu ýyl ýurduň welaýatlarynda birnäçe senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy. 

Hususan-da, ol himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlaryň we binalar toplumynyň açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy.

Ondan başga-da, şu ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhana işe giriziler.

Şeýle-de, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, himiýa we energetika ulgamynda başga-da möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. 

Himiýa senagaty:

  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygy alnyp barylýar;
  • Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän toplumy, «Balkanabat» ýod zawodynda tehniki ýod, brom we uglerod önümçiliklerini hem-de «Guwlyduz» kärhanasynda dürli görnüşli duzlary öndürýän önümhanany gurmak meýilleşdirilýär.

Energetika pudagy:

  • Şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy ulanmaga berler;
  • Türkmenbaşy etrabynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär.