Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny bellemek hakdaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Permana laýyklykda, 27-nji, 28-nji we 29-njy sentýabr baýramçylyk günleri diýlip yglan edildi. 28-nji sentýabr iş güni däl diýlip bellenildi.
27-nji sentýabrdaky dynç güni hem 29-njy sentýabra – sişenbe gününe geçirildi. Şeýlelikde, raýatlar baýramçylyk mynasybetli üç gün dynç alar.
Degişli Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.