Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli aýratyn tapawutlanan zähmetsöýer zenanlary «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada resmi türkmen metbugatynda habar berilýär.
Resminama laýyklykda, bu ýokary sylaga Watanyň ösüşine, jemgyýetiň agzybirligini, bitewiligini pugtalandyrmaga we ýaş nesli terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlary, şeýle hem jemgyýetçilik işlerinde görkezen aýratyn önjeýli zähmetleri üçin aşakdaky raýatlar mynasyp görüldi:
- Nurjahan Durdyýewna Saparowa — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» radioýaýlymynyň tolkuna goýberiş bölüminiň jogapkär kätibi — topar ýolbaşçysy;
- Ogulkeýik Kakalyýewna Hojamýarowa — Arkadag şäherindäki 7-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy;
- Ogulşeker Aşyrowna Muhammedowa — Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabyndaky Resul Hojaberdiýew adyndaky 4-nji orta mekdebiniň müdiri;
- Amantäç Bagyýewa — Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň bezegçisi;
- Aksoltan Muhammedowna Annaýewa — Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Bereketli geňeşliginiň Uşak obasynyň ýaşaýjysy, pensioner;
- Aknabat Gulmuradowna Amanowa — Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy;
- Nurygözel Sahatowna Muhammedowa — Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky 4-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.