Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sylaglarynyň eýelerini we bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady

Düýn, 11:2010,941

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady. Gutlag hatynyň teksti TDH tarapyndan neşir edildi.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda medeniýet ulgamynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, ýurduň halkara abraýyny belende götermekde, dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde medeni diplomatiýa aýratyn orun degişlidigini nygtady.

«Medeni diplomatiýa parahatçylygyň, agzybirligiň, dostlugyň we ynsanperwerligiň dabaralanmasydyr. Berkarar döwletimiziň öne sürýän medeni diplomatiýasy hemişelik Bitaraplygymyzyň aýdyň wezipelerinden ugur almak bilen, dünýä halklarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär».

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýurduň suratkeşleriniň we halyçylarynyň ýeňiji bolmagynyň türkmen sungatynyň ýokary derejesini görkezendigini belledi.

Gutlag hatynda Garaşsyzlygyň gazananlaryny giňden wagyz etmegiň döredijilik işgärleriniň esasy borjudygy barada aýdylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň hem türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny we žurnalistikasyny ösdürmekde ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekip, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, suratkeşleriň, artistleriň, bagşy-sazandalaryň, kompozitorlaryň geljekde has-da döredijilikli işläp, iň kämil eserleri bilen bu bäsleşige gatnaşmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutany gutlagynyň ahyrynda medeniýet we sungat işgärlerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.