At gazanan işgärlere döwlet sylaglary gowşuryldy

Düýn, 07:398,964
1 / 5

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda önjeýli zähmeti bilen ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine uly goşant goşan dürli pudak işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdy. Olar dabara gatnaşyjylary ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlap, täze ýeňişleri we döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Döwlet sylaglaryna döwlet dolandyryşy, ykdysadyýet, senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, ylym we bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik, medeniýet hem-de sungat pudaklarynyň wekilleri mynasyp boldy.

Raýatlaryň birnäçesine «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň halk suratkeşi», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» ýaly hormatly atlar dakyldy.

Şeýle hem ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» ady berildi, zenanlara bolsa «Zenan kalby» ordeni gowşuryldy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine hem degişli döwlet sylaglary gowşuryldy.

Aýratyn dabaraly çäre Arkadag şäherinde hem geçirilip, onda şäheriň tapawutlanan hünärmenlerine döwlet sylaglary hem-de hormatly atlaryň güwanamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.