Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu barada 25-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Bahar Seýidowa hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, şanly sene mynasybetli ýurduň muzeýlerinde sergiler guraldy, kitaphanalarda we beýleki medeniýet ojaklarynda dürli çäreler geçirilýär. Kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde filmleriň görkezilişleri guralýar, teatrlarda bolsa türkmen halkynyň gahrymançylygyna, bagtyýarlygyna we watansöýüjiligine bagyşlanan sahna oýunlary görkezilýär.
Şeýle hem milli we daşary ýurt hyzmatdaş teleýaýlymlary üçin degişli mowzukdaky gepleşikler hem-de wideoşekiller taýýarlanyldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we ýurduň bu döwürde gazanan üstünlikleri, şol sanda halkara derejesinde gazanylan üstünlikler giňden şöhlelendirilýär.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertlerine taýýarlyk görülýär. Mundan başga-da, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy hem-de welaýatlarda we Arkadag şäherinde Baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary meýilleşdirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.