FIDE-niň prezidenti wezipesine gazagystanly milliarder Timur Turlow geçdi

Düýn, 20:312,609

26-njy sentýabrda Samarkantda (Özbegistan) Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) Baş Assambleýasynda guramanyň prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Saýlawlaryň netijesinde Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Timur Turlow ýeňiş gazandy.

Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Turlow 110 ses alyp, 85 ses toplan germaniýaly bäsdeşi Wadim Rozenşteýni yzda galdyrdy we FIDE-niň dokuzynjy prezidenti boldy. Federasiýanyň prezidentiniň orunbasary wezipesini bolsa ýene-de Hindistandan 15-nji dünýä çempiony Wişwanatan Anand ýerine ýetirer.

38 ýaşly Timur Turlow FIDE-niň taryhynda bu wezipä saýlanan iň ýaş prezident boldy. Ol 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Gazagystanyň küşt federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär, şeýle hem «Freedom Holding Corp.» halkara maliýe toparynyň esaslandyryjysy we baş direktorydyr.

FIDE-niň öňki prezidenti Arkadiý Dworkowiç Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalar sanawyna girizilmegi sebäpli, guramanyň işine päsgel bermezlik üçin öz ygtyýarlyklaryny meýletin togtatdy we dalaşgärligini saýlawlardan aýyrdy. Ol bu gurama 2018-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edipdi.