Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek halkara çärelere taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

Düýn, 23:023,337

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýerlerinde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri meýilleşdirilen ähli halkara çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, taýýarlyk işlerinde hiç bir zadyň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady.

Şol ýerde geçirilen iş maslahatynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B. Rejepow assosiasiýanyň 16-njy mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler, şeýle hem öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewlerine bagyşlanan çäreler we halkara forumlary ýylyň ahyryna çenli dowam eder.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew baýramçylyk çäreleriniň we at çapyşyklarynyň guramaçylyk derejesi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly çäreler türkmen halkynyň milli toý dessurlary bilen utgaşdyrylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralarda halkymyzyň behişdi bedewlere bolan mizemez söýgüsiniň hem-de ahalteke bedewleriniň jemgyýetçilik durmuşyndaky aýratyn ornunyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Şeýle hem ahalteke bedewleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan etdi. Bu bäsleşik GDA ýurtlarynyň teleýaýlymlarynyň işgärlerine ahalteke bedewlerine bagyşlanan wideofilmleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow ähli meýilleşdirilen çäreleriň we telewizion filmleriň döwletara bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, degişli ýolbaşçylaryň bu işe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň hem wajypdygyny aýtdy. Bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zamanyň ylmy gazananlaryny netijeli özleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.