«Ýüzükleriň hökmürowanyny» döreden Tolkine üýtgeşik ýadygarlik dikiler

27.09.2026, 16:404,196
1 / 5

Westminster abbatlygynda Jon R. R. Tolkiniň hatyrasyna ýadygärlik dörediler. Ol «Şahyrlaryň burçy» diýlip atlandyrylýan ýerde, «Narniýanyň ýylýazgylary» eseriniň awtory Klaýw Lýuisiň hatyrasyna goýlan ýazgynyň ýanynda dikiler.

Ýadygärligiň açylyşy 2027-nji ýylyň ýazynda «Hobbit» powestiniň 90 ýyllygyna we «Silmarillion» mifler hem rowaýatlar ýygyndysynyň 50 ýyllygyna gabat meýilleşdirilýär.

Ýadygärligiň taslamasy Çester şäherinden suratkeş Stiwen Brodbentiň kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy. Taslamanyň esasy bölegini «Rowaýatlar agajy» («Amalion agajy») düzýär. Tolkin ony özüniň şahsy nyşany hasaplap, suratlarynda birnäçe gezek şekillendiripdir we «Jadyly ertekiler hakynda» atly eserinde beýan edilen «Rowaýatlar agajy» bilen baglanyşdyrypdyr.

Boýy 2,5 metr bolan bu panno agaçdan ýasalyp, nagyş bilen bezeler. Soňra ol abbatlygyň günorta ganatyndaky, ýagny binanyň kese bölegindäki daş sütünleriň birine berkidiler. Ýadygärligi taýýarlamak üçin Britaniýada ösýän agaçlardan peýdalanylar. Olaryň arasynda Oksfordyň botanika bagynda 2014-nji ýylda kesilen gara çam agajynyň bir bölegi, şeýle-de ýaşy 5 müň ýyla barabar gadymy batgalyk meşe agaçlary bar.

Ýadygärligiň konsepsiýasyny tolkinşynaslar, hünärmenler we ýazyjynyň mirasdüşerleri bilelikde maslahatlaşdylar. Ony taýýarlamak işleri bilen bolsa Reksemdäki Silverlining Furniture kompaniýasy meşgullanar.

Ýadygärligi döretmek baradaky pikiri şol döwürde Stoniherstdäki «Hristian miras merkezi» atly haýyr-sahawat guramasyna ýolbaşçylyk eden britaniýaly syýasatçy lord Alton hödürledi.