Alymlar ýarganatyň ilkinji watanyny anykladylar: ol 65 mln ýyl ozal şol ýerde döräpdir

Şu gün, 11:013,935
1 / 3

Alymlar ýarganatyň, takmynan, 65 million ýyl ozal Ýewropada dörändigini, soňra bolsa ol ýerden dünýäniň beýleki sebitlerine ýaýrandygyny anyklady.

Gözlegçiler bu netijä häzirki wagta çenli ýarganatlar topary boýunça geçirilen iň uly genom barlagynyň netijesinde geldi. Gözlegde häzirki döwürde ýaşaýan 103 görnüş baradaky maglumatlar bilen birlikde, 44 sany gazylyp tapylan nusganyň maglumatlary hem seljerildi. Gözlegiň netijeleri Nature žurnalynda çap edildi.

Onlarça ýyllaryň dowamynda ýarganatyň gelip çykyşynyň Aziýa, Afrika ýa-da Amerika bilen baglanyşyklydygy çak edilýärdi. Ýöne Ispaniýanyň Milli tebigat ylymlary muzeýiniň we Granada uniwersitetiniň alymlarynyň halkara Bat1K taslamasynyň çäginde geçiren täze gözlegleri bu jandarlaryň ewolýusion ösüşiniň Ýewropada başlanandygyny görkezýär.

Gözlegiň netijelerinden belli bolşy ýaly, Ýewropadaky ilkinji ýarganat populýasiýasynyň nesilleri ilki Afrika ýaýrap, Ýewropa bilen Afrikany öz içine alýan umumy merkezi emele getiripdir. Soňra olar Aziýa, Amerika we Awstraliýa aralaşypdyr.

Gözleg ýarganatlaryň işjeň ganat kakyp uçmagy we eholokasiýany, ýagny ses tolkunlarynyň kömegi bilen daş-töweregini kesgitlemek ukybyny, ewolýusiýanyň has soňky döwürlerinde däl-de, eýsem ösüşiň iň irki tapgyrlarynda diýen ýaly gazanandygyny hem görkezdi. Gazylyp tapylan gadymy Vielasia urugynyň ewolýusion daragtyň iň gadymy şahalarynyň birinde ýerleşmegi, bu çaklamany tassyklaýar.

Gözlegiň dowamynda alymlar DNT-niň häzirki zaman yzygiderlileşdirme usullaryny ulanmak arkaly genom maglumatlaryny dünýäniň dürli sebitlerinden tapylan gazylyp alnan galyndylar bilen deňeşdirdi.

Gözleg üçin saýlanan nusgalaryň arasynda öň az öwrenilen görnüşler hem bar. Olaryň hatarynda Tailandda we Mýanmada duş gelýän göýdük eşegary ýarganaty, Madagaskarda ýaşaýan dabanlarynda ýapyşmaga kömek edýän sorujylary bolan ýarganat hem-de Täze Zelandiýada duş gelýän kiçi guýrukly ýarganat bar.

Häzirki wagtda ýarganatlaryň 1 500-den gowrak görnüşi bellidir. Olar ösümlikleri tozanlandyrýar, tohumlaryň ýaýramagyna ýardam edýär we mör-möjekleriň sanyny kadalaşdyrýar. Alymlaryň toplan genom maglumatlary ýarganatlaryň dürli kesellere garşy adatdan daşary durnuklylygyny we şeýle ululykdaky jandarlaryň uzak ýaşaýşynyň sebäplerini öwrenmäge hem kömek edip biler.