Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gül goýmak dabarasy we harby ýöriş geçirildi

Şu gün, 13:465,308

Şu gün, 27-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Dabara ir bilen Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresi bilen başlandy. Garaşsyzlyk seýilgähinde geçirilen dabara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, Hökümet agzalary, deputatlar, ýaşulular, daşary ýurtly diplomatlar hem-de paýtagtyň myhmanlary gatnaşdy.

Bu ýerde ýygnananlaryň sany 10 müňden gowrak boldy. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soň, döwlet Baştutany Garaşsyzlygyň nyşany bolan ýadygärlik toplumynyň öňünde gül dessesini goýdy.

Soňra baýramçylyk Döwlet münberinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda harby ýörişiň geçirilmegi bilen dowam etdi. Meýdança Ýaragly Güýçleriň goşun görnüşleriniň ählisi dabaraly aýdym-sazyň astynda çykyp, kämil nyzam taýýarlygyny, şeýle-de ýarag bilen hatar emelleriniň ýokary ussatlyk derejesini görkezdi.

Bu ýöriş bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinden ugur alýan milli goşunyň kuwwatyny we goranyş mümkinçiliklerini aýdyň şöhlelendirýär.