Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewi sowgat berildi

Düýn, 23:531,101
1 / 3

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Watan» atly ahalteke bedewi sowgat berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Sowgat türkmen halkynyň bagtyýarlygy we ýurduň gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan gowşuryldy.

Bedewi sowgat bermek dabarasy Aşgabatdaky Döwlet münberiniň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabaraly harby ýörişiň barşynda geçirildi. Milli lybasdaky çapyksuwarlar ussat zergärleriň zehininden dörän şaý-sepler we at esbaplary bilen bezelen bedewi meýdança çykardy. 2024-nji ýylda doglan «Watan» atly akýal mele reňkli bu at Hankerwen we Şaperi diýen atlaryň neslinden bolup, ady rowaýata öwrülen Gaplaňyň ugruna degişlidir.