U2 öz 50 ýyllygyny toparyň taryhynyň başlanan mekdebinde gizlin konsert bilen belledi

Düýn, 17:001,910
1 / 4

Irlandiýanyň U2 rok toparynyň agzalary özleriniň Dublindäki okan mekdeplerinde 50 ýyllygyny belläp, gizlinlikde konsert berdiler.

Sazandalar toparyň taryhynyň 1976-njy ýylda başlanan ýeri bolan Maunt Templ orta mekdebinde okuwçylaryň öňünde çykyş etdi.

1976-njy ýylyň sentýabr aýynda 14 ýaşly Larri Mullen kiçi mekdebiň bildiriş tagtasynda «Deprekçi aýdym-saz toparyny döretmek üçin sazandalary gözleýär» diýen ýazgyny galdyrypdyr.

25-nji sentýabrda Maunt Templ mekdebiniň üç okuwçysy onuň öýüne geldi: wokalçy Bono (Pol Hýuson), gitaraçy Ej (Deýw Ewans) we bas gitaraçy Adam Kleýton. U2-niň düzümi şondan bäri üýtgewsiz galdy.

U2 toparynyň 1977-nji ýylda Mount Templdäki çykyşy

Ýarym asyrdan soň, sazandalar ýene mekdebiň howlusyndaky sahna çykdylar. Okuwçylar olary «Men U2-ny söýýän», «Bu gün hezillik — okuw ýok» we «Bono, ejem saňa salam aýdýar!» diýen ýazgylar bilen garşyladylar.

Topar irki «Out of Control» we «I Will Follow» aýdymlaryny, şeýle hem özleriniň meşhur «Vertigo», «Beautiful Day» hem-de «With or Without You» hitlerini aýtdylar. Şeýle hem olar täze «Silencio» aýdymyny ilkinji gezek janly ýerine ýetirdiler. Jemleýji aýdym «One» boldy, oňa U2-niň gatnaşmagynda döredilen Music Generation irland maksatnamasynyň kirişli saz gurallary toparynyň talyplary hem goşuldy.

Sazandalar soňra Grafton-stritdäki Bewley's Oriental Cafes Ltd. kafesiniň balkonynda ýene bir mugt, gizlin konsert berdiler. Bir sagada dowam eden bu çykyşy olar 2026-njy ýylyň tomsunda awtoulag heläkçiliginde aradan çykan irlandiýaly The Swell Season duetiniň sazandasy Glen Hansarda bagyşladylar.

U2-niň ýubileý çykyşlary toparyň täze «Carnaval de Luz» albomynyň yglan edilmegi bilen gabat geldi. 13-nji noýabrda çykjak bu albom toparyň dokuz ýyldan soňky ilkinji studiýa albomy bolar. Onda «Silencio-ny» we ýakynda aradan çykan Dolly Parton bilen ýerine ýetirilen duet «Torn-ny» hem öz içine alýan 12 aýdym bolar. Baharda U2 «Days of Ash» we «Easter Lily» atly iki mini-albomy öňünden yglan etmezden çykardy.

«Carnaval de Luz" U2-niň 16-njy studiýa albomy bolar. Adam Kleýtonyň özi oňa «50 ýyl çekilen zähmetiň iň belent nokady» diýip baha berýär.