Köpetdagyň eteginde Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün, 00:22957
1 / 5

29-njy sentýabrda Köpetdagyň eteginde Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň dabara tarap ýoly «Ýanardag» binasynyň ýerleşýän heýkeliniň daşyndan aýlanýan ýol boýunça geçdi. Täzeden gurlan bu ýoluň gurluşygynda dykyzlandyrmak, tekizlemek we daş düşemek işleri halkara standartlaryna laýyklykda ýerine ýetirildi. Onuň yşyklandyryş ulgamynda bolsa täzeçil tehnologiýalar ulanyldy, ýol ýakalary häzirkizaman talaplaryna laýyklykda abadanlaşdyryldy we ekologiýa derejesini gowulandyrjak baglar bilen üpjün edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan döwrebaplaşdyrylan «Atly aýlaw» halkalaýyn ýoluna gelip, soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna ugrady.

Bu ýerde ony Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edalaryň, ministrlikleriň, diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we hormatly atşynaslar garşylady. Dabara meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we medeniýet ussatlarynyň çykyşlary bilen başlandy.

Münbere geçen türkmen halkynyň Milli Lideri çykyş edip, açylyş bilen hemmeleri gutlady. Ol ahalteke bedewleriniň ösüşiň we abadançylygyň nyşanydygyny, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylym önümçilik merkezi we Döwlet atçylyk sirki ýaly iri desgalaryň gurlandygyny ýatlap geçdi.

Soňra gürrüňini dowam etdirip, täze toplum we onda döredilen şertler barada aýtdy. Bu ýerde bedewleriň sagdyn iýmitlenmegi üçin «Babarap almasy», käşiriň ýörite görnüşleri we ýorunja ösdürilip ýetişdirilýär, döredilen ammarlar bolsa ot-iýmleri bütin ýylyň dowamynda saklamaga niýetlenendir. Toplumyň dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atlaryň saglygy, iýmitlenişi, uky kadasy we aýak üstünde duran wagty bilen tanşyp bolýar.

Şeýle hem toplumyň çäginde atlaryň tohumçylyk we seleksiýa binalary, barlaghanalar, açyk we ýapyk manežler, çapuw ýodalary hem-de ýylyň 4 paslyny janlandyrýan açyk asman astyndaky fotostudiýa döredildi. Girelgede bolsa «Atly ýigit» heýkeli ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň setirlerinden hem-de öz goşgusyndan setirleri okady. Soňra gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda 1200 orunlyk ahalteke atçylyk toplumynyň toý bagyny kesdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň çägindäki alma baglaryny, käşir meýdanlaryny, seleksiýa binasyny, ot-iým ammarlaryny, kebelekleriň şekillerinden döredilen Ýer togalagynyň üstündäki taýçanagyň heýkelini we athanalary synlady. Bu ýerde «Küştdepdi» tansy hem ýaýbaňlandyryldy.

Tanyşlygyň dowamynda hünärmenler bu ýerde seýisler we atbakarlar üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň çäginde döredilen fotostudiýa bilen tanşyp, bu ýerde ýaşlaryň we täze durmuş gurýanlaryň surata düşmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Soňra toplumyň dolandyryş binasy we onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Toplumyň Baş girelgesiniň toý bagyny dabara gelen döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow kesdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde «Atly ýigit» heýkelini synlady. Soňra ýapyk manežde atly sport we konkur boýunça türgenleriň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.

Şeýle-de, döwlet Baştutany toplumyň çäginde bar bolan athanalardaky şertler bilen tanşyp, açyk manežde «Galkynyş» toparynyň görkezme çykyşlaryny synlady.

Açylyş dabarasy Baş binanyň öňündäki meýdançada Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan 35 sanly atly ýigidiň dabaraly ýörişi bilen dowam etdi. Soňra aýdym-sazly çykyşlar, welaýatlaryň we şäherleriň toý däp-dessurlary, kejebe dabarasy hem guraldy. Şeýle-de, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan bäsleşikleriň ýeňijilerini yglan etmek dabarasy geçirildi.

Toplumyň açylyş dabarasynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow ýaş juwanlaryň durmuş toýunyň şaýady bolup, olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Dabaralardan soň döwlet Baştutany bu ýerden ugrady.

Soňra bu ýerde şatlykly waka mynasybetli toý sadakasy berildi.