«Adalat» elektron maglumat toplumy: Kanunlar we hukuk namalary onlaýn elýeterlikde

Düýn, 21:592,616
1 / 2

Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary baradaky maglumatlar, olara girizilen soňky üýtgetmeler we goşmaçalar ýurduň Adalat ministrligi tarapyndan işlenip düzülen «Adalat» elektron maglumat toplumynda elýeterlidir.

Bu programma 2018-nji ýyldan bäri üstünlikli hereket edýär. Ol fiziki hem-de ýuridik şahslaryň ulanmagy üçin niýetlenendir.

Häzirki wagtda ulgamyň materiallary ministrligiň resmi saýty bolan minjust.gov.tm arkaly ulanmak mümkinçiligi bar. Ulanyjylar elektron maglumat toplumynda jemlenen täzelenen hukuk resminamalary bilen tanşyp biler.

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny law.minjust.gov.tm subdomeninde onlaýn platforma arkaly ulanmak mümkinçiligi hem döredildi. Fiziki şahslara ulgama girmek üçin telefon belgisini girizmek, maglumatlaryň nusgalyklaryny taýýarlamagyň we ýaýratmagyň düzgünleri bilen tanyşmak, soňra bolsa razylygyny tassyklamak zerurdyr.

Ondan soň ulanyjy öz familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we pasport belgisini görkezýär, şeýle hem bir gezeklik kod arkaly ulgama girmegi tassyklaýar. Şundan soň, ulgam ony degişli tölegi amala aşyrmak üçin degişli bank edarasynyň onlaýn töleg sahypasyna ugrukdyrýar.

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň onlaýn platformasyna elýeterlilik tölegli esasda amala aşyrylýar. Ulgamdan peýdalanmak bellenen nyrh boýunça bir aýlyk töleg edilenden soň mümkindir. Töleg her bir ulanyjy tarapyndan aýratynlykda amala aşyrylýar.