Alymlar öýjükleriň energiýa deňagramlylygyny kadalaşdyrýan belogy işjeňleşdirýän derman serişdesini synagdan geçirip, kömelekleriň, gurçuklaryň we siňekleriň ömrüni 25 göterimden gowrak uzaltmagy başardy. Gözlegiň netijeleri Aging Cell žurnalynda çap edildi.
Beýik Britaniýanyň MRC LMS institutynyň, Londondaky Imperial kollejiniň we Köln uniwersitetiniň alymlary degişli belogy işjeňleşdirýän derman serişdesini ulandylar. Energiýanyň derejesi peselende, bu belok öýjükleri energiýany tygşytlaýyş ýagdaýa geçirýär: köp energiýa talap edýän işleriň käbirini haýalladýar we ýag hem-de şeker ätiýaçlyklaryndan energiýa alnyşyny güýçlendirýär.
Synaglar kömeleklerde, gurçuklarda we siňeklerde geçirildi. Bu jandarlaryň ömrüniň gysgalygy üçin olaryň garrama hadysalaryny has çalt öwrenmek bolýar.
Netijede, synag geçirilen jandarlaryň käbiriniň ömri 25 göterimden hem gowrak uzaldy.

Gözlegçileriň indiki ädimi bu derman serişdesini syçanlarda synagdan geçirmek. Garramagyň häzirki wagtda kesel hökmünde kabul edilmeýändigi üçin ony adamlarda synap görmäge entek wagt gerek bolup durýar.
Alymlar üstünlikli netijeleriň geljekde lukmançylyk üçin ähmiýetli bolup biljekdigini belleýär. Sebäbi ýaş ulaldygyça süýjükeseli we demensiýa ýaly köp keselleriň döremek howpy artýar. Mundan başga-da, belogy işjeňleşdirýän şuňa meňzeş serişdeler öň kliniki synaglarda ulanylypdyr. Bu bolsa şeýle çemeleşmäniň geljekde has giňişleýin öwrenilmegini ýeňilleşdirip biler.