Türkmenistanyň Prezidenti ýaşuly nesli gutlady

Şu gün, 12:503,486

Şu gün Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Ýaşulularyň halkara güni bellenilýär. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýaşuly nesline we ähli halkyna gutlag hatyny ýollady. Gutlagyň teksti TDH tarapyndan neşir edildi.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda ýaşuly nesle goýulýan hormat-sarpanyň milli ýörelgeleriň we nesilara dowamatlylygyň özeni bolup durýandygyny nygtap, bu baýrama bagyşlanan dabaralaryň il sylagly ýaşululary, mähriban eneleri we ähli watandaşlary galkyndyryp, Watana bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Gutlag hatynda ýurduň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy maksadynyň türkmen halkynyň we ýaşuly nesliň, şeýle-de ýaşlaryň bolelin, bagtyýar we asuda ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletiň we jemgyýetiň binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigi bellenilýär.

«Ömri nusgalyk mekdebe, pendi edebe öwrülen dilleri senaly ýaşulularymyz, olaryň pähimli öwüt-nesihatlary, baý durmuş hem-de zähmet tejribesi jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmakda, nesillerimizi watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen öňe alyp barmakda biziň daýanjymyz bolup durýar».

Prezident öz ýüzlenmesinde Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularyň maslahatlary esasynda möhüm çözgütleriň kabul edilendigi hem-de olara «Hormatly il ýaşulusy» adynyň dakylandygy we «Zenan kalby» ordeni ýaly döwlet sylaglarynyň gowşurylandygy barada hem ýatlap geçdi.

Döwlet Baştutany ýurtda alnyp barylýan ägirt uly işleriň, gazanylýan üstünlikleriň we yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän şäherdir obalaryň ýurduň depginli ösüşini üpjün edýändigine aýratyn ünsi çekdi.

Gutlagynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaşuly nesle we ähli watandaşlara özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.